img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi...

DOWAMY
pic
21 Sen

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Forumyň işi başlamazdan öň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine baryp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty açyk...

DOWAMY
pic
18 Sen

Türkmenistanyň Prezidentine Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat

2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlar...

DOWAMY
pic
18 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan garaýyşlaryna hem-de ýurduň sebitleýin we halkara guramalar bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri bo...

DOWAMY
pic
17 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçiriljek ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýo...

DOWAMY
pic
17 Sen

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy

2026-njy ýylyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Gwangju şäherindäki Aziýa medeniýeti milli merkezinde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasy...

DOWAMY
pic
17 Sen

Aşgabatda «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi

2026-njy ýylyň 15–16-njy sentýabrynda Aşgabatda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen bagly möhüm meselelere bagyşlanan «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, sanly infras...

DOWAMY