Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda şu ýylyň dowamynda anyk çäreleri geçirmek meselelerine seredip geçdiler.