img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

photo

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.

Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýew bu metjit üçin azerbaýjan halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherine ugradylar.

Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen tanyşdylar.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler.

Sergide Geýdar Aliýewiň Watanyň öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibeýliniň, Bülbüliň heýkellerini synladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowa desganyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berildi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Şäheriň medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.

Türkmen we azerbaýjan halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolan Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar.

Jydyr düzünde döwlet Baştutanymyza belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi.

Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza atyň şahadatnamasyny gowşuryp, Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany minnetdarlyk bildirip, bu sowgady türkmen-azerbaýjan mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Soňra iki ýurduň Prezidentleri ýadygärlik surata düşdüler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline geldiler.

Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew mähirli hoşlaşyp, birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň medeni maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza ugrady.