img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy

photo

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk utgaşdyrmak we amaly taýdan ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine we Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň BMG-niň çäklerinde ilerledilmegine aýratyn üns berdiler. Şeýle hem ekologik durnuklylygy üpjün etmek we Hazar deňzini gorap saklamak boýunça bilelikdäki tagallalaryň wajyplygy bellenildi.