Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Çäre sergi bilen başlandy. Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirýän fotosuratlar görkezildi.
Tegelek stola türkmen diasporasynyň wekilleri, «Magtymguly adyndaky» we «Gülistan ykdysady» žurnallarynyň, «Ülkämiz» we «Sedaýe Gonbad» habarlar gulluklarynyň wekilleri, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň dowamynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemleniljekdigi, şeýle hem ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenjekdigi nygtaldy.
Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylara degişli Kararnamanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 78 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilendigi barada maglumat berildi. Munuň özi bu başlangyjyň halkara derejesinde giňden goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde bellenildi.
Çykyşlarda bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň halkara hukugyny berkitmek, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem konstruktiw we deňhukukly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny halkara giňişliginde öňe sürmek we olaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.