TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýe...
Türkmenistanyň ýaşlary durnukly ösüş üçin ekologiýa meseleleriniň üstünde işjeň işleýärler
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlary, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçilerini, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlary, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekillerini we bilermenlerini birleşdiren Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenistandaky LCOY 2025 maslahaty BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň ýanyndaky çagalar we ýaşlar boýun...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan “Kasri Millat” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlaryny...
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly Konsullyk patentiniň nusgasyny Eýranyň DIM-niň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysyna gowşurdy
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Mäsumifäriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde G.Ataýew Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly hökmünde Konsullyk patentiniň nusgasyny wekilhananyň ýolbaşçysy A.Mäsumifärä gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serda...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Kabul edişlikler köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. Sammitden öň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düş...
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa - Russiýa» ikinji sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş sapar bilen ugrady. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Täjigistanyň Prezidenti öz kärdeşini mähir...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary bilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar birek-birege hormat...