TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-HABITAT BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI PORTUGALIÝADA AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy, şeýle hem iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Taraplar türkmen-port...
TÜRKMEN-WÝETNAM DIM-ARA GEŇEŞMELERI BARADA
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ NATO-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Baş sekretary Ýens Stoltenberge Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Dowam edýän bilelikdäki işiň çäginde taraplar bilim pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny belledil...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy. Taraplar “Ýe...
TÜRKMENISTANDA TÄZE ZELANDIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Sara Meri Uolş hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyn...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝANYŇ IŞEWÜR TOPARLARY BILEN DUŞUŞYKLARY BARADA
Şu ýylyň 4-5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi. Fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda, hususan-da, “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasy, «French Healthcare Association» birleşigi, «Coface» maliýe edaralary, «UBAF» Union de Banques Arabes et Françaises, «Société Générale CIB» we «Credit Agricole», «IB2C France» federasiýasy, «CIFAL International S...