img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Mar

WENADA TÜRKMENISTANYŇ SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanydyryş dabarasyny we tegelek stoly geçirdi. Çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlarynyň wekilleri we Ilçileri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda, W...

DOWAMY
pic
29 Mar

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi tatarystanlylaryň adyndan hem-de öz adymdan Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Baharyň buşlukçysy bolan bu gadymy ajaýyp dessur döredijilik ylhamyna beslenip, onuň bilen ýagşy umyt-arzuwlar baglydyr. Goý, olaryň hemmesi hasyl bolup, halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we dostlugy berkitmek boýunça umumy tagallalarymyz ählumumy parahatçylygy we agzybirligi gora...

DOWAMY
pic
29 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Bu kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýär. Irden işewür Andalyp köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň kesişýän ýerinde oturdylan, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanyna geldi. Birnäçe wagtdan soň bu ýere hormatly Prezidentimiz geldi. Döwlet Baştutanymyz we myhm...

DOWAMY
pic
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindjiniň duşuşugy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr et...

DOWAMY
pic
29 Mar

BANGKOKDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA 6-NJY AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda Durnukly ösüş boýunça 6-njy Aziýa-Ýuwaş umman forumy öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forumyň gurnaýjysy bolup, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP) çykyş etdi. Üç gün dowam edýän her ýylky foruma ýokary derejeli hökümet agzalary, hususy sektoryň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmaga geldiler. Şeýle-de bu forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Forumyň a...

DOWAMY
pic
28 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly hyzmat...

DOWAMY
pic
28 Mar

TÜRKMENISTAN WE ITALIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Italýan Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri...

DOWAMY