SOŇKY HABARLAR
YHÖG-NIŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 26-27-nji fewraly aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa departamentiniň başlygy jenap William Tompsonyň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda, taraplar söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ýurduň eksport potensialynyň ýokarlandyrmagyň we täz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, umumy taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan bu iki döwletiň dostlukly gatnaşyklary barada aýdylanda, taraplar ynanyşmak, goldamak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini aýratyn belläp geçdiler. Halkara syýasy giňiş...
Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça» atly okuw maslahaty işläp başlady. Ol ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy. Çäre howanyň üýtgemegini nazara almak bilen, ýerden netijeli peýdalanmak boýunça GIZ-niň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçi...
Täze weterinar hassahanasy — haýwanat dünýäsi hakynda alada
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren iş maslahatynda döwletimiziň howandarlygynda geljekde haýwanat dünýäsini goramak boýunça merkeziň esasy bolup hyzmat etjek merkezleşdirilen weterinar hassahanasyny döretmek baradaky teklibi ýurdumyzyň hökümetiniň ykdysady we durmuş taslamalarynda işjeň hyzmatdaşy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan işjeň goldanyldy. «Rysgal» paýdarlar tä...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ RAÝAT AWIASIÝASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda awiagatnawlar ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlayşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Ulag we i...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sö...
GANA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Tähran şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohammed Saýuti Ýahaýa Iddi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Gana Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge...