img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Okt

Türkmenistanda transkontinental ykdysady gatnaşyklaryň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşylýar

Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.  Paýtagtym...

DOWAMY
pic
9 Okt

«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly jahankeşdeler! Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna be...

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, özara hormat, netijeli we strategik hyzmatdaşlyk esasynda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşini düýn bellän doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk we ýoka...

DOWAMY
pic
7 Okt

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi

2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Nobatdaky saparyň çäklerinde iri maliýe düzüminiň wekilleri döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy işgärleri, işewürler...

DOWAMY
pic
6 Okt

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.  Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.  …Wagt bizi şol gazaply günlerden barha daşlaş...

DOWAMY
pic
5 Okt

DAŞARY IŞLER MINSTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MASLAHATYNDA BEÝAN EDEN BAŞLANGYÇLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEKLIGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşary işler minstrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, syýasatşynaslar, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň we Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ş...

DOWAMY
pic
5 Okt

AŞGABATDA AZIÝA - ÝUWAŞ UMMAN TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan hökümet agzalary, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän esasy daşary ýurt habarlar age...

DOWAMY