SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-POLÝAK HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Marek Ýanuş Salka bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri...
LATWIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent şäheri) jenap Mihail Popkows bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Latwiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Latwiýanyň Ilçisi s...
AWAZADA ULAG MINISTRLERINIŇ HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Soňra Lapis Lazuli hakynda Yla...
Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylara
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi, häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy d...
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Prettonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen takyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmeklik işindäki ähmi...
TÜRKMENISTANDA LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa we Türkiýe Respublikasynyň arasynda gol çekildi. Bu Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän halka...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...