SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançyly...
Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly geçýär
Çeper filmleriň bäşisi we animasiýa filmleriniň biri şu gün paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda açylan ýapon filmleriniň festiwalynyň maksatnamasyny düzdi. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Medeniýet ministrliginiň wekilleri, sungat ussatlary, talyp ýaşlar hem-de dostlukly ýurduň medeniýeti bilen gyzyklanýan we ýapon dilini öwrenýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Festiwalyň çäklerinde tomaşaçylara 2013 — 2...
Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar
Garyşyk göreşler boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary Polşa Respublikasynyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, Türkmenistanyň türgenleri ýedi medala – iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Döwran Ataýew (71 kilogram agramda) we Batyr Baýgeldiýew (61 kilograma çenli agramda) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar. Ýalkym Nuryýew (70 kilo...
Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty — sport we dostluk baýramçylygynyň nusgasy
Şu gün — Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji güni. Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Şondan soň, erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň arasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy guraldy. Ýapylyş dabarasynyň öň ýanynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň baýdagyny 2019-njy ýylda dünýä birinjiligini kabul etjek Tailand Patyşalygynyň wekiline gowşurmak dabarasy geçirildi. Ozal belleýşimiz ýaly, çempionaty guramagyň derejesi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ähmiýetini hem-de döwlet Baştutanlarynyň birek biregiň ýurduna amala aşyrýan saparlarynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda wekiliýet ýol...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen...
Kitaphanalaryň sanlaşdyrylmagy — bilimler jemgyýetiniň ösüşiniň kepili
Ministrler Kabinetiniň 9-njy noýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda kitaphana işini ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi we bu ulgamda sanlaşdyrmak işi bilen ýakynda geçiren tanyşlygyny umumylaşdyryp, ýurdumyzyň ähli kitap gaznalarynyň birikdirilmegi bilen bir bitewi elektron ulgamy döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. “Kitaphana — ýurdumyzyň medeni-bilim babatda ýeten derejesiniň, ilatyň paýhas ösüşiniň görkezijisi” diý...