SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA HDHHG-YŇ UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ 23-NJI SESSIÝASY GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň we Daşary işler ministrliginiň gurnamagy esasynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (HDGHGUK) 23-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri, BMG-niň Ýewropa üçin daşky...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADAKY BÜTINDÜNÝÄ MAÝA GOÝUM FORUMY-2018-E (BMF-2018) GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýä maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar. Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar. “Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gü...
Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi
Söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, ynsanperwer-medeni ulgamda hem, hususan-da, bilim ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýokarlandyrmakda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyna türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa bolan iş sapary aýdyň şaýatlyk etdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Bilim ministrliginiň wekilleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary girdi. Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Jidel Pa...
Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär
Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotoserginiň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresini iki ýurduň degişli ministrlikleri guradylar. Ýokary derejedäki duşuşyklar, ikitaraplaýyn görnüşdäki özara gatnaşyklar, iri halkara düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklar Türkmenistanyň we Horwatiýa Resp...
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Barham Salihi Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Barham Salihe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GFR-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary...