img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Okt

Alymlaryň ýaş nesli — ylmyň we ýurdumyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň ýurdumyzyň ylmyny has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyna bagyşlanan “Ýaş alymlar — berkararlygyň binýady” atly maslahat geçirildi. Maslahat Ylymlar аkademiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyna ýurdu...

DOWAMY
pic
23 Okt

“Syýasat we jemgyýet” atly ýyllyk neşiriň — žurnalyň täze sany

Ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan 2017-nji ýyl üçin «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky, 5-nji sany çapdan çykdy.  Ýyllyk žurnalyň sahypalarynda içerki giň möçberli özgertmeler, halkara gatnaşyklar jähetinde Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen öten ýylyň has ähmiýetli wakalary hakynda söhbet açýan makalalar ýerleşdirilipdir.  Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda — ýurdumyzda “Sagdynlygyň we...

DOWAMY
pic
23 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BOLDY

2018-nji ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýolbaşçylary we agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetini Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Sindzo Abe kabul etdi. Şunuň ýaly-da, DIM-ara we parlamentara, energetika, transport hem-de söwda-ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen hem ikita...

DOWAMY
pic
23 Okt

TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI

2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Lýudmila Rýumina adyndaky medeni folklor merkezinde bu gezek ugry Moskwa we Sankt-Peterburga uzap gidýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy uly gala konsert bilen başlandy. Açylyş dabara Russiýanyň medeniýet edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, KHBS wekilleri, ylym we...

DOWAMY
pic
19 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-türk konsullyk geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň başlygy j-p Mehmet Samsaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegi...

DOWAMY
pic
19 Okt

IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmaga gelen Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara.ş) jenap Ismail Issa Ismail Rifae bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen-...

DOWAMY
pic
19 Okt

AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-SAUD TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. M...

DOWAMY