img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Okt

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi

2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Nobatdaky saparyň çäklerinde iri maliýe düzüminiň wekilleri döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy işgärleri, işewürler...

DOWAMY
pic
6 Okt

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.  Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.  …Wagt bizi şol gazaply günlerden barha daşlaş...

DOWAMY
pic
5 Okt

DAŞARY IŞLER MINSTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MASLAHATYNDA BEÝAN EDEN BAŞLANGYÇLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEKLIGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşary işler minstrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, syýasatşynaslar, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň we Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ş...

DOWAMY
pic
5 Okt

AŞGABATDA AZIÝA - ÝUWAŞ UMMAN TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan hökümet agzalary, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän esasy daşary ýurt habarlar age...

DOWAMY
pic
5 Okt

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ IRIB TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisine (ABU) gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we ikitaraplaýyn hy...

DOWAMY
pic
4 Okt

Türkmen Liderine sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin ABU-nyň Güwanamasy, baýragy we ýadygärlik nyşany gowşuryldy

Duşuşyk tamamlanandan soň, Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Güwänamany, baýragy we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. ABU-nyň Baş sekretaryna söz berildi, ol milli Liderimizi we ýygnananlaryň hemmesini Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasyny...

DOWAMY
pic
4 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) baş sekretary Jawad Mottagini, ABU-nyň prezidenti, Hindistanyň Doordarşan döwlet teleýaýlymynyň baş direktory hanym Supriýa Sahuny hem-de ABU-nyň wise-prezidenti, Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň prezidenti (NHK) jenap Rioiçi Uedany kabul etdi.  Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, dünýäde dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen özü...

DOWAMY