SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ ŽENEWADAKY BÖLÜMINDE BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ IÇERKI ULAGLAR BOÝUNÇA KOMITETINIŇ 80-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄGINDE «BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY: INTERMODAL ARAGATNAŞYK WE TARYHY ULAG UGURLARYNYŇ ÄHMIÝETI» ATLY ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 20-nji fewralynda öz işine başlan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Baş Assambleýanyň A/RES/72/212 belgili «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan BMG-niň Ženewadak...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI BMG-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMASY BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN MASLAHAT
2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...
MARTDA GEÇIRILJEK SAÝLAWLARDA GDA, BMG, ÝHHG DIAHBE,ŞHG, YHG SYNÇYLARYNYŇ GELMEGINE GARAŞYLÝAR
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy netijeleri, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa gecirmegiň çäginde geçen ýyl boýunça DIM-niň işiniň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrmak boýunça brifing geçirildi. Brifingiň işine Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri, Türkmenistanda akk...
AŞGABATDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar. Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk...
BANGLADEŞ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) jenap Mujibur Rahman Buýan bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bel...