Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň badalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.
Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen guralýan bu awtoralli gadymyýetde Ýewraziýa yklymynyň halklaryny, döwletlerini we sebitlerini birleşdirip, biziň ýurdumyzyň çäginden uzalan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýun...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi mynasybetli maslahat geçirildi.
Bu çärä «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalary...
“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy
Şu gün Lebap welaýatynda “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçýän bu deňsiz-taýsyz awtomobil ýaryşyny geçirmek başlangyjy oňyn özgertmeleriň döwlet strategiýasyny öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň çekmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
“Amul —...
TÜRKMENISTANDA SEBITIŇ IŇ IRI GAZ-HIMIÝA TOPLUMY IŞE GIRIZILDI
2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Garabogaz şäherinde, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat binasy bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Döwletimiziň himiýa pudagynyň önümçilik infrastrukturasyny baýlaşdyran bu kärhanany ulanylyşa girizmek dabarasyna ýurduň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary ýurtly işewür d...
GARABOGAZ ŞÄHERINDÄKI GAZHIMIÝA TOPLUMY HALKARA ŞAHADATNAMALAR BILEN DÜNÝÄDE IŇ GOWULARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE BELLENILDI
Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen aýrylmaz bagly, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasynda belledi, onuň dowamynda önümiň hiliniň ýokarylygyny tassyklanylmagy, önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa taýdan arassalygy barada zawodyň ýolbaşçylaryna halkara guramalar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň zyýanly gazlaryň atmosfera z...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “КAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik enjamlary boýunça prezidenti Tasua Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy kompaniýanyň ýolbaşçysyna 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşandygy üçin öz minnetdarlygyny aýt...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK AGENTLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň direktory jenap Hajime Taniguçiniň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajypdygy bellenildi. Ýaponiýan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINE GATNAŞAR
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine gitmegine garaşylýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejede geçiriljek mejlisiniň belent münberinden çykyş etmegi göz öňüne tutulýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyk...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky i...