Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE GÖNÜKDIRILEN BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKDI
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatynyň has hem artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin z...
KABULDA TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky DIM-niň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy.
1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň g...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işine başlady.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wek...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary O.W.Syromolotowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Aşgabada geldi.
Duşuşygyň barşynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk wehimlerine garşy göreşmek...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy.
Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti d...
SÖWEŞ SUNGATLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARYNYŇ KOMITETI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE GYZYKLANMA BILDIRDI
2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň Baş sekretary Je Kyn Çoýuň baştutanlygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki sportuň ähmiýeti barada belläp geçdiler. 2016-njy ýylda esaslandyrylan Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komiteti sport çärelerini we festiwallary, ilkinji nobatda Söweş sungaty bo...
Yslamabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda, Yslamabat şäheriniň Marriott myhmanhasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Brifinge gatnaşyjylara 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy my...
Izmir milli kitaphanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi
2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş.) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş.) tаrаpyndаn Izmir şäheriniň Konak etrap häkimligi bilеn bilеlikdе Izmir milli kitaphanasynyň edаrа binаsyndа Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan we halkymyza sowgat edilen “Paýhas çeşmesi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganl...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/51101Päkistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi
Pakistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Yslamabadyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde (CGSS) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirdi.
Tegelek stola CGSS merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”...
Daşkentde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna we ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň, «UzA», «Dunyo», «Новости Узбекистана» milli habarlar agentlikleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişde...