Tapylan netije sany: 5106
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXI MASLAHATY BOLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi.
DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.
Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller, DTYB-nyň toparlaýyn...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýda bolan Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Imomi Sodik Aşurboýzodanyň Duşenbäniň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny “soňa goýmagy” meýilleşdirýändigi hakyndaky beýan eden sözleri barada Täjik tarapyna özüniň düşünmezligini bildirdi.
Täjik diplomatynyň ýokarda görkezilen beýannamasy boýunça Türkmen tarapynyň teswirleme...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADY, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy jenap Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlykda iki ýurduň ähmiýetlerini belläp geçip, Türkmenistanda ýola goýuljak täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmegiň mümk...
PRESS-RELIZ
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türk...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDÄKI TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...
FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) h-m Mariýa Elina Liiwala bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi we syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oň...
WATIKANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Apostol Nunsiaturasynyň (Watikanyň) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Pol Fitspatrik Rassel bilen duşuşyk geçirildi.
Watikan döwleti-şäheri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hakynda gürrüň edip, taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine oňyn baha berdiler. Ikitaraplaýyn g...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkme...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň işe başlamagy we onuň ilkinji mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň Maslahatynda doly goldandy.
Halk Maslahatynyň birinji Mejlisin...
DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NIŇ DIM-Ň GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar.
Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...