Tapylan netije sany: 5110
BMG-NIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET EDARALARYNYŇ WEKILLERI ÄHMIÝETLI MESELELERIŇ ENÇEMESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Tarap...
DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝADA ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça tagallalary aýratyn bellenilip geçildi. Taraplar sebit...
ULAG WE LOGISTIKA PUDAGYNDA TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ ARASYNDA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda telegepleşik geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmen logistika assosiasiýasynyň, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Gruzin tarapyndan wideo...
TÜRKMENISTAN WE BMG IŞJEŇ GATNAŞYKLARYNY DOWAM EDÝÄRLER
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky...
AHHG-NYŇ DÖWLETARA UTGAŞDYRYJY SUW HOJALYK TOPARYNYŇ 78-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Agzalan duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN TÜRKI DILLI GEŇEŞIŇ SAMMITINE GATNAŞDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy.
Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýe...
HALKARA PUL GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTAN BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇYSY BILEN SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady mese...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA
2020-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynd...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY YKDYSADY IŞINI ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI UTGAŞDYRYJY TOPARYŇ BIRINJI MEJLISI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň 30-dan gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Mejlisiň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler ministrlikleriniň we beýl...
WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY TÜRKMEN-UKRAIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.
Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ş...