Tapylan netije sany: 5110
BMG-NIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ÖZARAHEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek durmuş-ykdysady täsiri peseltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasyndaky Bilelikdäki Iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň biziň ýurdumyzda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşa...
BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi.
Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekille...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ ARASYNDA SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we ýapon hyzmatdaşlarynyň sil akymlarynyň öňüni almak we olary ilatly ýerlerd...
AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özarahereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derw...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HAÝWANLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory hanym Monik Elua bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň başlygy, Daşary işler ministriniň orunbasary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar...
TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ ARASYNDA WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY MASLAHAT
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasynyň 2020-2023-nji ýyllar üçin ikinji tapgyryny amala aş...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypl...
DIM-DE TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ IŞI BARADA MAGLUMAT BERIŞ DUŞUŞYGY – BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýer...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilkinji nobatda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň11-nji martynda amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenis...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar derwaýys häsiýete eýe bolan halkara meselelerini, şol sanda halkara jemgyýetçiligi üçin aýratyn jogapkärli bolan häzirki döwürde halklaryň we ýurtlaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar BMG-niň utgaşd...