Tapylan netije sany: 5110
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY TEMA BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda
halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçyl...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) wekilleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahat beriş duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň statistika boýunça Döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn-duşuşygyň dowamynda esasy üns Durnukly ösüş maksatlaryny, esasan-da, 4-nji – hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli...
TÜRKMENISTANYŇ WE YSRAÝYL DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda wideokonferensiýa görnüşinde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ysraýyl tarapyna – Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup d...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY UNEP MAKSATNAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de T...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaesku ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydykl...
GEPLEŞIKLERIŇ DOWAMYNDA HALKARA ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESINIŇ IŞINI IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi.
Türkmen wekiliýete ulag ulgamyna jogapkär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministri E.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Eýran wekiliýetine EYR-n...
GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar.
Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologik...
TÜRKMENISTAN WE BAE ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BILEN BAGLY MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN NEŞIRLERIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan we döwletimiziň şol döwrüň içinde gazanan üstünliklerini beýan edýän neşirleriň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň metbugat attaşeleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we p...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÖZBEGISTANYŇ WISE-PREMÝERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk sanly wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara g...