Tapylan netije sany: 5110
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralar...
WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTAN BILEN ABU-DABI ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady, maliýe we nebit-gaz ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, möhüm strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň we sebit hem-de halkara meseleleriniň wajyp ugurlary boýunça ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Söhbetde...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞAÝJYLARY HALKARA ÝOGA GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRÄ GATNAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 20-nji iýunynda Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport kompleksiniň Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga gününe bagyşlanan çäre geçirdi.
Diplomatik korpusynyň wekilleri, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýoga bilen meşgullanýan ýaşaýjylary çärä çäklendirilen görnüşde gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Halkara ýoga güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministriniň başlangyjy esa...
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada...
SYÝASY WE YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri onlaýn görnüşinde geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary W.Hajiýew hem-de I.Neýmatow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň zerurlygy hem nygtalyp geçildi. Diplo...
AÖB-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda geljegi uly t täze aslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslam...
DIM-DE ÝTÖB BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky uzak möhletli we täsirli hyzmatdaşlygyň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň çäklerinde, bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda energetika we ula...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar.
Sö...