Tapylan netije sany: 5110
ÝB-MA-OWGANYSTAN FORMATYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň o...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY - TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR»
Türkmenistan - bu Merkezi Aziýanyň bir döwletidir. Şu gün bu sebit halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde dünýäniň köp ýurdunyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleri utgaşýandyr. Muňa göz ýetirmek bilen, Türkmenistan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi we sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşýar, bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ýetmekde aýratyn...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/67505MERKEZI AZIÝA SEBITINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MAKSATNAMASYNYŇ (CAREC) ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy geçirildi.
Çärä CAREC-e gatnaşyjy-ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Aziýa Ösüş Bankynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, CAREC maksatnamasynyň milli utgaşdyryjysy M.Serdarow ýolbaşçylyk etdi....
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA WE BMG-NIŇ 75 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SPORT ÝARYŞLARY
2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sport ýaryşlary başlandy. Ýaryşlar sportuň bilýard we uly tennis görnüşleri boýunça geçýär.
Sport çärelerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalary...
AŞGABATDA «BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR BAŞLADY
2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady.
Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Güno...
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler.
Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň ý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi.
Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler hem-de onuň mazmuna baý häsiýeti bellenilip geçildi. Ýokary derejede syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň giňeldilýändigi aýratyn nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň hormatly P...
«BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar öz işini tamamlady.
Ýapylyş dabarasyna Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory we Halkara yn...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyk strategiýasy” atly beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Hemişelik Bitaraplyk statusynyň halkara derejesinde ykra...
AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 75 ÝYLLYGYNA HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Birleşen Milletler Guramasy: Halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahat geçirildi.
Maslahat bilen ugurdaşlykda bu şanly senelere bagyşlanan adybir sergi hem geçirildi.
Maslahatyň işine ýurdumyzyň birnäçe...