Tapylan netije sany: 5106
TÄZE DÖWREDAP OBALARYNYŇ WE ÇEPER HALYÇYLYK KÄRHANASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY – HÖKÜMETIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda K.A.Çuýçenko türkmen tarapyna myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan türkmen-rus hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirdi.
Duşuşygyň çäg...
MINSKDE TÜRKMEN-BELARUS SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan mes...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi.
Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller çykyş etdiler.
Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor d...
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Gadyrly myhmanlar!
Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!
Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän maslahatda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapjakdygyňyza, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlejekdigi...
«Türkmentel — 2018» XI halkara sergisi we ylmy maslahat
Paýtagtymyzda nobatdaky Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2018” atly ХI halkara sergisi we maslahaty açyldy, ony ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy guradylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri pudaklaýyn forum ýurdumyzyň okgunly ösýän maglumatlar, telekommunikasiýalar tehnologiýalary hem-de teleradioýaýlym enjamlary pudagynyň gazananlaryny äşgär etmäge ý...
Türkmenistanyň Prezidenti agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy, hususan-da, sport desgalarynyň bezelişi hem-de olaryň ulanylyşy bilen, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda — dünýä birinjiliginiň esasy çäreleriniň geçiriljek ýerinde türgenler üçin şertleriň döredilişi we ýaryşlary ýokary derejede guramak ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
...Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şä...
TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇIHANASY TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ SEBITDÄKI STRATEGIKI ÄHMIÝETI BARADA OKUW MASLAHATYNY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Yslamabatda ýerleşýän “Islamabad Club” köpmaksatly dabaralar jaýynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkezi bilen bilelikde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatyny geçirdi.
Bu çärä hormatly myhman hökmünde Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Han, “Measae” syýasy meseleleri öwren...
MINSK ŞÄHERINDE TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Minsk şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) howandarlygynda "Häzirki zaman elektron maglumaty döwründe terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek” atly ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi.
Bu halkara maslahat, ÝHHG bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda amala aşyryldy. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy...
LATWIÝANYŇ ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Latwiýa Respublikasynyň Aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Döwlet sekretarynyň orunbasary Uldis Reýmanis bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini bellemek bilen, taraplar olary geljekde giňeltmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Ulag hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-latwiýa bilekidäki...