Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTAN AWTOMOBIL ULAGY ULGAMYNDA IÇERKI MÜMKINÇILIKLERINI ARTDYRÝAR
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWRAZIÝA GIŇIŞLIGINDE KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAGYŇ ÄHMIÝETI BELLÄP GEÇDI
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleriniň birnäçesini ileri tutdy. Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «taryhy taýdan biziň yklymymyz ýygjam we köptaraply gatnaşyklaryň tebigy giňişligi gökmünde orta çykyp,...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK – DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HALKARA FORUMYNDA ILERI TUTULÝAN UGUR
Öň hem bellenilip geçilişi ýaly, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin netijeli meýdança öwrülen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň wajyplygyny nygtady. Bu dünýädäki söwda-ykdysady gatnaşyklara ýiti täsir eden häzirki global pandemiýa döwründe has hem derw...
DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HALKARA FORUM – ÝURTLARYŇ MEDENI-YNSANPERWER DIALOGY ÜÇIN TÄZE MEÝDANÇA
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Seulda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum wideomaslahat görnüşinde geçirildi, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny jikme-jik beýan etdi. Prezident umumy taryhy, medeni we siwilizasion gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda medeni-ynsanperwe...
BITARAPLYGA BAGYŞLANAN SAÝTA “TÜRKMEN SÄHRA – 2020” ATLY TÄZE BÖLÜM GIRIZILDI
Türkmenistanyň döwlet ulag syýasatynyň aýratynlyklaryny ählitaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, «www.neutrality.gov.tm» döwlet websaýtynyň giňişligi täze bölüm bilen dolduryldy. Hususan-da, ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmen Sähra - 2020» täze maglumat çeşmesi açyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli ulag pudagynyň ösdürilmegi we onuň sebit hem-de halkara ulag ulgamyna integrirlenmegi babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirdi. ...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ SUW HOJALYK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem Ministr Şawkat Hamraýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistanyň Suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar suw babatda hyzmatdaşlygyň ähli u...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak mes...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/68439TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN NETIJELI ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda DIM-niň binasynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji oktýabrynda degişli Karara gol çekip, ýokarda görkezilen Toparyň düzümini we düzgünnamasyny tassyklady.
Mejlisi açmak bilen, Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça işjeň häsiýetini belläp geçdiler. BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI PARAHATÇYLYKLY OWGANARA DIALOGYNA GATNAŞYJYLAR BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi.
Hususan-da, gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy beýan edildi we şol bi...