Tapylan netije sany: 5106
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň Baş direktory j-p Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahatynyň oňyn netijelerini bellediler. Şeýle hem taraplar 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Aziý...
TÜRKMENISTAN BILEN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI
2018-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.
Iki goňşy ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň barşynda Günorta Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we degişlilikde olaryň ykdy...
TÜRKMENISTANYŇ TEBIGATY GORAMAK JEMGYÝETINIŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATY
2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Aşhabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň (TTGJ) döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Maslahatyň esasy maksady TTGJ-niň döredilmeginiň elli ýylynyň dowamynda gazananlary barada jemgyýetçilige habar bermekden, esasy ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşamakdan we jemgyýetçilik we halkara tebigaty goraýyş guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat...
TÜRKMENISTAN WE ÝB HALKARA MESELELERINI WE ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýusselde iş saparynda boldy.
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary j-p Maroş Şewçowiç bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özaragatnaşygyny işjeňleş...
BRÝUSSELDA TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler, daşary ykdysadyýet we hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça federal döwlet gullugynyň ministri j-p Didýe Reýnders bilen duşuşygy boldy.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara bähbitli iki...
TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussele bolan iş saparynyň çäginde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş Sekretary j-p Kuniýo Mukuriýa bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapy serhetde gümrük gözegçiligini kämilleşdirmekde BGG-ň tejribesini öwrenmek we özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma...
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Täjigistana geldi
Aşgabat, 13-nji oktýabr. Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde türkmen wekiliýetini ýurdumyzyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna ugratmak dabarasy boldy. Medeniýet günleri iki halkyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm goşant bolar.
Ýolagçy düzümi görnüşindäki häzirki zaman kerweni Beýik Ýüpek ýolunyň Gündogara tarap ugruny täzeden dikeldip, Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinden geçdi. Mary we Türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmun taýdan ýylsaýyn baýlaşýar.
Dostlukly, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezide...
Türkmenistanda ählumumy howplara garşy göreşmek boýunça sebit derejesindäki maslahat geçirilýär
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça milli we sebit mümkinçiliklerini berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak babatda öňdebaryjy tejribe” atly sebit derejesindäki maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy.
Ady agzalan çäre hormatly Pre...
DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrleri, Duşenbe şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şol günüň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň Milli kitaphanasynda...