Tapylan netije sany: 5110
«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergä gatnaşyjylara
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýe...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DÖWLETARA GATNAŞYKLARYŇ ÝOKARY DEREJESI BELLENILDI
Şu gün, 25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň aprel we m...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidiň adyna ýolla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN GAZYLYP ALYNÝAN SENAGATY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY “TEGELEK STOLDA” ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy “tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi.
Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we r...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI IŞ SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi.
Saparyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikas...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halid bin Faýsal Al-Sahli bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ministr türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan ähmiýetli şahsy goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara aly...
GRUZIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK WEZIPESINI TAMAMLAÝAR
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuka Murjikneli bilen duşuşygy geçirildi.
Diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki işiň oňyn tejribesi barada aýratyn belläp geçdile...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ SERHETÝAKA WELAÝATLARYNYŇ HÄKIMLERINIŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda wideoaragtnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda owgan tarapyndan Hyrat, Badhyz, Jowuzjan we Farýab welaýatlarynyň häkimleri, türkmen tarapyndan bolsa Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda TOPH we TOP taslamalaryň, Turgundy-Hyrat demirýolunyň, iki ýurduň degişli welaýatlarynyň häkimlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk e...
TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri Geri Koren bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ba...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikde Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Tü...