Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÄJIGISTANYŇ SENAGAT WE TÄZE TEHNOLOGIÝALAR MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyk...
ÖZBEGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi.
Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanag...
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR
2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.
4-nji awgustda saparyň resmi bölegi başlandy. Prezident Emomali Rahmonyň ulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.
Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, döwlet Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçdiler. Bu ýerde Prezident Emom...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJELI BÄŞTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 5-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi. Saparyň maksady 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat.
Saparyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparowyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 5-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Baştutany 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.
Saparyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar.
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANDA KONSULTATIW DUŞUŞYKDA SEBIT KÄRDEŞLERI BILEN DUŞUŞAR
2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine geldi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.
Özbegistanyň Baştutanynyň saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER
Şu gün, 6-njy awgustda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi.
Gyrgyzystanyň Döwlet baştutany Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.
Iki dostlukly ýurduň Prezidentleri sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Şu gün, 6-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.
Iki ýurduň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlar boýunça özara hereketletiň has hem giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tu...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň çäklerinde Prezidentler ikitaraplaýyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler.
Şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri t...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTLERI «АWAZADA» TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändikleri ýene-de bir gezek tassyklany...