Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTAN «SPUTNIK LAÝT» RUS SANJYMYNY HASABA ALDY
2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we degişli şahadatnamany berdi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Sputnik Laýt» dünýäniň 15-den gowrak ýurtlarynda hasaba alyndy we ýene-de 30-a golaý döwletlerde bu serişdäni bellige alyş amallary dowam edýär. GMgRG şeýle-de bu sanjymyň 10-dan gowrak ýurtlarda önümçiliginiň hem meýilleşdirilendigini habar berýär. Hususan-da, ýakyn wagtda Sputnik Laýt» sanjymy Hi...
TÜRKMENISTAN «SPUTNIK LAÝT» SANJYMYNY HASABA ALAN DÖWLETLERIŇ ILKINJILERINIŇ BIRI BOLDY
Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we onuň ulanylmagy üçin degişli şahadatnamany berdi.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan «Sputnik V», «EpiWakKorona» we «Sputnik Laýt» ýaly rus sanjymlarynyň öz çäginde ulanylmagyny makullan döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy.
Bu serişdeler bilen sanjym edilmegi ilatda immunitetiň tiz kemala getirilmegine mümkinçilik berer. Göni maýa goýumlaryň Rus gaznasynda (GMgRG) be...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tü...
SANKT-PETERBURGDA GDA-NYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI
Şu gün, 28-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.
Duşuşygyň barşynda GDA ýurtlarynyň Liderleri gün tertibiniň wajyp meselelerini, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilen şu ýylynyň esasy netijeler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.
Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, "Dialog - parahatçylygyň kepili" diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.
COVID-19 netijelerine garşy göreşi dowam etmegiň zerurlygyny nygtamak bile...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ ÝOKARY PALATASYNYŇ SPIKERI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI
2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy-ýurtlaryň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň barşynda Sankt-Peterburg şäherinde onuň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Tü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»
11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/91342TÜRKMENISTAN BILEN BSGG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY KESGITLENILDI
Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary boýunça 2022-nji ýylda yzygiderli esasda geçiriljek çäreleriň sanawyny taýýarlady.
Bu resminamada ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda: Pandemiýa kes...
ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA ÖŇDEBARYJY TEJRIBELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik Merkeziniň bilermenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyk koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň häsiýetlerini öwrenmek boýunça abraýly daşary ýurt edaralary bilen gepleşikleri ýola goýmak we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy.
Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE DÖREDEN «JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!» ATLY GOŞGUSYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professor-mugallymlar we talyplar hem-de milli habar beriş serşdeleriň wekilleri gat...