Tapylan netije sany: 5106
Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparynyň ilkinji medallary
Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar.
Türkmen türgeni başda 75 kilogram agramlygy ynamly götermegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, onuň tailandly bäsdeşleri ozal sargyt eden 80 kilograma derek agramlyklary 76 we 77 kilograma çenli azaltdylar we olary götermegi başardylar. Ikinji we üçünji synanyşykda Ýulduz Jumabaýewa 79 kilogra...
ASTANADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde GDA-nyň agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň gün tertibinde 15 sany dürli ulgamlarda hyzm...
GAMBURGDA “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGISI
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy.
Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkemn diaspor...
BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Dö...
Dünýä çempionaty — 2018 täze rekordlar bilen begendirmegini dowam etdirýär
Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi.
Ildeşimiz birden götermekde ilki 160 kilogramy ýokaryk galdyrmaga meýil bildirip, bu işiň hötdesinden ynamly geldi. Emma türkmen türgeni ikinji synanyşykda 166 kilogramlyk ştangany ýokary galdyran mahalynda onuň elinden sport enjamy sypdy. R.R...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçild...
TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK KORPUSYŇ WEKILLERINIŇ AHAL WELAÝATYNDA ÝERLEŞÝÄN DÜZEDIŞ EDARASYNA SAPARY
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy...
Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi
Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlar geçirildi. B toparda çykyş edýän biziň türgenimiz Gülnabat Kadyrowa birden götermekde ikinji orny eýeläp, öňdäki orna mynasyp bolan bäsdeşinden bary-ýogy bir kilogram yza galdy. Itekläp götermekde ol ýedinji orny, umumylykda bolsa, öz toparynda üçünji orny eýelemek bilen, iň güýçli on türgeniň hataryna girdi.
A toparda gatnaşýan zenanlaryň arasynda medallar ugrunda bäsleşildi. Hy...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Rifat Hisarjyklyogly öz ýurdunda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwa...
Türkmenistanyň Prezidenti merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň ösdürilişi bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdança gelip, onuň kitap sergiler merkeziniň ýerleşýän binasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyrado...