Tapylan netije sany: 5110
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ ÄHMIÝETI
Belläp geçilişi ýaly, Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işini dowam edýär. Mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň möhüm ähmiýeti bellenildi, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegindäki döwletleriň gazanan üstünlikleri barada nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksa...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ MEJLISINDE JEMLEÝJI RESMINAMA KABUL EDILDI.
Şu gün, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň mejlisinde gatnaşyjylar milletara dialogyň ilerledilmegi we parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegi üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Dialogyň hereket etmeginiň birin...
TÜRKMEN WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy.
Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANYŇ WEILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.
Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri hem-de GDA-nyň çäklerinde özara hereket etmek boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BAE-NYŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýoka...
WENADA AHALTEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANAN HALKARA WEBINAR GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy Türkmen-Awstriýa Jemgyýeti bilen bilelikde Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30-ýyllygyna bagyşlanan “Ahalteke bedewleri – Türkmen halkynyň ganatlarydyr” ady bilen Halkara webinar geçirdi.
Ahalteke bedewlerine bagyşlanan webinara Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Awstriýa, Wengriýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň Ahalteke bedewleriniň janköýerleri...
BRÝUSSELE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 16-njy maýda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Gi Lens, şeýle hem Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, sebit hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça dolandyryjy müdiri jenap Maýkl Zibert bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary g...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/97265TÜRKMENISTAN ÝB BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOGA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.
Gepleşik wagtynda taraplar sebitleýin we global durnuklylygyň möhüm meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler, hususan-da, umumy howpsuzlyk meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý barada pikir a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýe.D.Grigorýewiň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga şeýle hem «Возрождение» taslama we gurluşyk kompaniýalary toparynyň ýolbaşçysy I.W.Bukato we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaş...