Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMEN WEKILÝETINIŇ WÝETNAM HÖKÜMETINIŇ YKDYSADY TOPLUMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Hanoý şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi.
Gepleşigiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýal...
AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 29-njy iýunda geçiriljek VI Hazar Sammitiniň taýýarlygyna bagyşlanyp Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi b...
HANOÝDA TÜRKMEN-WÝETNAM IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagtynda ýerleşýän «Melia» myhmanhanasynda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamyna ýöriteleşdirilen, 40-a golaý wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Işewürler maslahatyň esasy maksady Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.
Dostlukly döwletiň Baştutany ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma bildirip hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 29-njy iýunda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.
Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşler ýüzbe-ýüz duşuşyp, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşini, şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de rus Lideri mähirli salamlaşyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Prezident Wladimir Putin Milli Geňeşiň Halk Maslahatyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler, bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar. B...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşykl...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Altynjy Hazar Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystanyň ählumumy bähbitlere sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän goňşy Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegin...