Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY ULAG ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI AÇÝAR
16 awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.
“Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr daş...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI A.ATAÝEWANYŇ WE ABŞ-NIŇ BMG-DÄKI HEMIŞELIK WEKILI L.TOMAS-GRINFILDIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň ABŞ-niň BMG-däki Hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň öňümizdäki 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary we BMG-däki özgertmeler bilen bagly meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Ilçisi söhbetdeşligiň başynda BMG-niň BA-nyň «Merkezi Az...
AWAZADA ULAG ULGAMYNA DEGIŞLI HALKARA FORUMYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.
Daşary işler ministrligi tara...
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.
Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýur...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly habarçylar, şeýle hem milli habar b...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN GARAÝYŞLARY: ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK
Ine, birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlar. Ençeme ýyllaryň dowamynda emele gelen däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan öňümizdäki syýasy möwsümde ýurdumyzyň durmuşa geçirjek ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýar. Türkmen diplomatiýasynyň tapawutly häsiýetine öwrülen şeýle açyklyk, häzirki zaman dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmäge taýýarlyk halkara bileleşiginde ýoka...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/100481MEDIAFORUM: TÜRKMENISTANYŇ ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLARY ESASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
2022-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen forumyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ TÄZE BELENEN ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Rumyniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyz...
TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki saparlaryň...
TÜRKMEN WE OWGAN LUKMANLARY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Onda saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň başynda owgan tarapy bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada...