Tapylan netije sany: 5110
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN BEÝANAT
Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de goňşyçylyk däplerine esaslanyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we tele...
TÜRKMENISTANDAN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI GELDI
5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANATY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar.
Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar.
Türkmenist...
AŞGABATDA “GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN HALKARA HABARLAR GIŇIŞLIGINDE” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary iç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary...
ÝEWRAZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA HHR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik...
TÜRKMENISTAN WE HHR IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE GÜÝÇLENDIRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueý bilen duşuşdy.
Işjeň gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi beýan edildi.
Sebit we halkara formatlaryň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenild...
TÜRKMENISTAN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINDEN HYZMATDAŞLARY BILEN GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Birleşen Arap Emirlikleriniň «Masdar» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-nyň energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmeni...