Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY SEULDA ÖZ KÄRDEŞI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rýu Jeon-Hýun bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meselel...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar.
Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Koreýa Respub...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY M.MÄMMEDOWANYŇ FRANSIÝA SAPARY
2022-nji ýylyň 23-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherinde gulluk saparynda boldy.
Saparyň çäklerinde Luwr muzeýinde “Ulug-Depe – Merkezi Aziýanyň biziň eramyzdan öňki taryhyny öwrenmek üçin iri merkezi” atly Ulug-Depede geçirilen bilelikdäki fransuz-türkmen arhelogiki missiýasynyň (МАФТУР) arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata 500 töwe...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi biziň hormatly kärdeşimiz Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen bagly çuňňur gynanjyny bildirýär.
Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugynyň ösdürilmegine öz ähmiýetli goşandyny goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, pugta we esasly durmuşa geçirdi, onuň garaýyşlaryny we bähbitlerini halkara giňişliginde öňe sürdi.
Ikitaraplaýyn türkmen-belarus däp bolan dostlukly...
OWGANYSTANYŇ FARÝAB WELAÝATYNYŇ GARAMGOL ETRABYNYŇ SAGLYK ÖÝÜNIŇ DURKUNYŇ DÜÝPLI ABATLANYLMAGY WE YNSANPERWER KÖMEGI BERILMEGI BILEN BAGLY GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRE
2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň gurnamagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurulyp, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi.
Geçirilen...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBEDE GEÇIRILEN AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Araly Halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Annageldi Ýazmyradow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň işine AHHG-nyň Müdiriýetiniň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Brekeşow S.A., Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ganiýew Ş.M., Täjigist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI MEDENIÝETIŇ HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurl...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE ÄDIMI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy.
Milli Assambleýanyň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo we beýleki resmi adamlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny gül...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogly ýolbaşçylyk etdiler.
Ministrler R.Meredow we M.Çawuşogly Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyg...
TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM UGURLARY KESGITLENILDI
29-njy noýabrda ir bilen Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň “Ýonsan” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Prezidentiniň Diwanynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy mähirli garşylady we bina girmäge çagyrdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy köşgüň duşuşyklar üçin zalyna barýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ýun Sok Ýol mähirli salamlaşýarlar.
Duşuşygyň barşynda iki ý...