Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-FRANSUZ HYZMATDAŞLYGY BARADA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Senatynyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Fransiýa-Merkezi Aziýa dostluk toparynyň Başlygy Erwe Moreý bilen gepleşikler geçirdi.
Duşuşykda Tükmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň başynda E.Moreý bu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen many mazmunly we konstruktiw häsiýetli geç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WEKILIÝETINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, şeýle hem BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz myhman bilen mähirli salamlaşyp, sapar mahalynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini, taraplar üçin gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmala...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ SENATYNYŇ “FRANSIÝA — MERKEZI AZIÝA” PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa - Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.
Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Senatyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli sa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy - Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris. Men sizi we siziň üstüňiz bilen ähli halkymyzy Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we mähriban halkyma berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly watandaşlar!
Geçen ýyl Türkmenistan «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş etdi hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda...
AŞGABATDA BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda gibrid görnüşinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilkinji ministrler mejlisi geçirildi.
Topar 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi we häzirki wagta çenli oňa 20-den ýurt goşuldy. BMG-niň ýanynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak, çaknyşyklaryň öňüni almak we olaryň sebäplerini we netijelerini ýok etmekde bitaraplyk ýörelge...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bi...
BÄŞINJI MERKEZI AZIÝA BILERMENLER FORUMY
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi.
Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa...
TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Dialogyň şu gezekki maslahatynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bi...