Tapylan netije sany: 5106
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN GELMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşygy geçiriler.
AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY – 2018” ATLY ХХIII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly däp bolan ХХIII halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen gutlagynyň okalmagy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy.
Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ý...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabat şäherine resmi sapar bilen geldi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary (MAÝK) Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan hem-de MAÝK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi we ony mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar milli azlyklaryň we Türkmeni...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden Azerbaýjanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Azer...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy.
Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikler wagtynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara giňişlikde arkalaşykly hereket etmegiň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça netijeli pikir alşyldy. Pre...
WENADA TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ 10 ÝYLLYGY BELLENILDI
2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bu jemgyýet bilen bilelikde döredijilik agşamyny geçirdi.
Çäräniň hormatly myhmanlary hökmünde Awstriýanyň ministrlikleri we döwlet edaralarynyň wekilleri, Wenada şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri, bu ýurduň işewürleri, Wena diplomatik akademiýasynyň p...
ILAT GAZNASYNYŇ ÄHLUMUMY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat - 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy.
Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MAÝK-NIŇ ÖŇDEBARYJY NEŞIRLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (MAÝK) dürli jemgyýetleriň integrasiýasy babatynda Lýublýana teklipleri boýunça neşirlerine bagyşlanan tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi.
Bu çäräniň işine ÝHHG-niň MAÝK-niň wekiliýet agzalary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli institutlarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdyla...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...