Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ILÇIHANASYNA BARDY
2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky Ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Dol...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ABŞ-NIŇ ILÇISI M.KLIMOU BILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketine, dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini öňe sürmek ugrunda Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen gatnaşyklarynyň netijeliligini nygtadylar, häzirki we geljekki taslamalary gözden geçirdiler hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada söhbet etdiler. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýurduň daşary syýasatynyň s...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BIRINJI PARLAMENTARA FORUMYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Forumyň işini Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew açdy. Soňra bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň beýleki ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Forumyň barşynda de...
TÜRKMENISTANDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda paýtagtymyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatna...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY
11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdi...
ÇEHIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Çehiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Waslaw Ýilegi kabul etdi.
Wepa Hajiýew ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, Ilçiniň täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şeýle hem halkara we sebit gur...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ HÖKÜMET SAMMITINE-2023 GATNAŞDY
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda 2023-Bütindünýä hökümet sammiti geçirildi. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik etdi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sammitiň mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriňdir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady....
ТУРКМЕНИСТАН И ИРАН НАМЕРЕНЫ УКРЕПЛЯТЬ КУЛЬТУРНО-ГУМАНИТАРНОЕ ВЗАИМОДЕЙСТВИЕ
14 февраля 2023 года Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провел встречу с Министром культуры и исламской ориентации Исламской Республики Иран Мохаммадом Махди Эсмаили.
В начале встречи была отмечена значимость официального визита Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова в Иран в июне прошлого года, в ходе которого был подписан солидный пакет документов, придавший импульс активизации научно-образовательных контактов и взаимодействию в сфере культуры и искусства.
Стор...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ŞWESIÝANYŇ ILÇISINIŇ YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geç...