Tapylan netije sany: 5106
TÜRKMENISTANDA LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa we Türkiýe Respublikasynyň arasynda gol çekildi. Bu Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän halka...
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Prettonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen takyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmeklik işindäki ähmi...
Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylara
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi, häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy d...
AWAZADA ULAG MINISTRLERINIŇ HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy.
Soňra Lapis Lazuli hakynda Yla...
LATWIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent şäheri) jenap Mihail Popkows bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Latwiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Latwiýanyň Ilçisi s...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-POLÝAK HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Marek Ýanuş Salka bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUWEÝT DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al Dhafiriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan soň, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňe gidýän ösüşini bellediler. Muňa iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda bar bolan doganlyk we özara ynanyşmak gatnaşyklary, saparlar we s...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BELGIÝA BILEN ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belgiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Bert Şufs bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä baýramçylyk çärelerine gatnaşýanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn duşuşyklaryň çäginde, ýa-da bolmagy mümkin bolan saparlaryň dowamynda 2...
WATIKANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Pol Fitspatrik Rassel bilen duşuşyk gurnaldy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy jenap Ilçä Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan çärelerine gatnaşýanlygy üçin minnetdarlygyny bildirdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň bellenilmegini hem agzap geçdiler.
Soňra taraplar Aşgabatda...
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Garnik Aleksandrowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.
Gepleşikleri...