Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ KÖMEKÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.
Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.
Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşar...
SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI PEÝDALANYLMAGY BARADA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Howanyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy» atly ylmy maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleri...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI WENGRIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Budapeşt şäheriniň “Sandor” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny...
ABŞ-NYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINIŇ MERKEZI SERKERDELIGINIŇ BAŞ SERKERDESI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurillanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy.
Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ABŞ SAPARY TAMAMLANDY
Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy.
Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerik...
ITALIÝANYŇ EXPO-2030 GEÇIRMEKLIGE DALAŞGÄRLIK KOMITETINIŇ ÝÖRITE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite Ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşygy gecirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sung...
ÝAŞLAR SYÝASATY ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimow...
TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň giň gerimi ara alny...