Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy maýynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN BSG-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy g...
TÜRKMENISTANDA POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Polşanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Polşa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna aýdan...
TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýy aralygynda iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda bolýar.
Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PREZIDENTI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGURLARYNY MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 30-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy.
Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna uly ähmiýet berilýär. Bu saparyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýu...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝASY MAKSADALAÝYKLYK GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
30-njy maýda Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.
EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady....
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PARLAMENTINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň maksady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeg...
ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-njy ýylyň 31-nji maýynda Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklary...
В МИД ТУРКМЕНИСТАНА РАССМОТРЕНЫ ОСНОВНЫЕ ВЕКТОРЫ СОТРУДНИЧЕСТВА МЕЖДУ ТУРКМЕНИСТАНОМ И ОБСЕ
31 мая 2023 года состоялась встреча временно исполняющего обязанности министра иностранных дел Туркменистана В.Хаджиева с Генеральным секретарём ОБСЕ Хельгой Шмид.
В рамках встречи были обсуждены текущее состояние и перспективы развития сотрудничества Туркменистана с ОБСЕ в политической и экономической сферах, в области энергетической и экологической безопасности, продвижении парламентской дипломатии, а также в вопросах гуманитарного измерения.
Туркменской стороной отмечено, что в контекст...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarla...