Tapylan netije sany: 5110
TÜRKMENISTAN WE ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK ÜÇIN GELJEKKI ÄDIMLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy.
Iş duşuşygynyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň degişli milli we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýan...
RIMDE TÜRKMENISTAN BILEN ITALIÝANYŇ ARASYNDAKY MEDENI GEPLEŞIKLER DOWAM EDÝÄR
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa Rim şäheriniň meri Roberto Gualtieri bilen duşuşdy.
Duşuşykda medeniýetara gepleşiklere we medeni mirasy gorap saklamaga aýratyn üns berildi. Taraplar, şeýle hem, Italiýada Türkmenistanyň täsin eserleriniň sergisini geçirmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Rimdäki Kapitoliý...
TÜRKMENISTANDA MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara g...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Müsür Arap Respublikasynyň ýolbaşçyl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISLERINE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy.
Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär.
Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar....
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir,...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Ilçiniň ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.
W.Hajiýew Ilçini gutlap, onuň täze wezipä bellenilmegi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň has hem netijeli hyzmatdaşlyga eýe bolup, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ösjekdigine umyt bildirdi.
Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpe...
TÜRKMEN-WENGER GATNAŞYKLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ÝOKARY DEREJEDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 9-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklary...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El Huri we BMG-niň Tü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň aýdan mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna ýollan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özar...