Tapylan netije sany: 5110
ÝUNOPS BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar halkara gün tertibind...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPARLAMENT BILEN KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyna syn berildi, şeýle hem “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy Türkmenistan b...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň mähirli salamyny we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekil...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝEWROPA PARLAMENTINIŇ AGZALARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar B...
TÜRKMENISTANDA SLOWAKIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NYŇ BAŞ EDARASYNDA TERRORÇYLYGA GARŞY ÝOKARY DEREJELI HEPDELIGE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşýar.
19-njy iýunda wekiliýetiň ýolbaşçysy esasy çäräniň ikinji mejlisinde - BMG-a agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde çykyş etdi.
W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmek ü...
ПРЕСС-РЕЛИЗ КОНФЕРЕНЦИЯ ПО СЛУЧАЮ ПОЛУЧЕНИЯ В ДАР ДВУХТОМНОГО ИЗДАНИЯ «ДИВАНЫ СТИХОВ МАХТУМКУЛИ ФРАГИ»
20 июня 2023 года в Институте языка, литературы и национальных рукописей имени Махтумкули Фраги Академии наук Туркменистана состоялась торжественная конференция по случаю получения в дар в адрес Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова от имени Верховного духовного лидера Исламской Республики Иран Аятоллы Али Хаменеи двухтомного издания на фарси «Диваны стихов Махтумкули Фраги».
В работе конференции приняли участие руководи...
BAE-DE TÜRKMEN-EMIRLIKLER AKADEMIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Abu Dabide Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy.
Duşuşykda N.Mladenow türkmen wekiliýetine akademiki işleri, diplomatik işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ýaly hereketleri özünde birleşdirýän bu bilim edarasynyň gurluşy hem-de wezipeleri barada maglumat berdi.
Soňra duşuşyk akademiýanyň mugallymlar topary bilen giňeldilen g...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI WE BMG-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI MEJLISINIŇ SAÝLANAN BAŞLYGY (TRINIDAD WE TOBAGO) DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA GOL ÇEKDILER
2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.
Gol çekişmek dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň BMG-däki Hemişelik wekili jenap Dennis Frensisiň (BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň saýlanan başlygy) arasy...
SUW BAÝLYKLARYNDAN TYGŞYTLY PEÝDALANMAK BOÝUNÇA MASLAHAT BARADA KHBS ÜÇIN HABAR
2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda gibrid görnüşinde “Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy” atly maslahat geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-nyň Taslama hyzmatlary edarasynyň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri, BMG-nyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň suw baýlyklary boýunça milli dialo...