Tapylan netije sany: 5106
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümruk Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümruk gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady.
Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-nyň arasyndak...
TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (ÝUNFPA) ARASYNDA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji...
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen tutuş dünýäde abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
H...
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamalar, şeýle hem «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzy hemmetaraplaý...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalaryny, wajyp meseleleriň birnäçesini, esasy pudaklary ösdürmegiň wezipelerini, olara, şol sanda döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe söz berildi. Ol senagat, ulag we araga...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.GELDYNAZAROW hakynda
Şalar Geldynazarowy Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwary.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ş.GELDYNAZAROWA Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda
Şalar Geldynazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.
Türkmeni...
На биржевой сессии лидировала продукция нефтехимии
На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана зарегистрирована 41 сделка.
За иностранную валюту предприниматели из США, Швейцарии, Мальты и др. приобрели произведенные на Туркменбашинском комплексе нефтеперерабатывающих заводов прямогонный бензин, авиационный, технический и осветительный керосин, нефтяной кокс, базовое масло, а бизнесмены из России и Таджикистана – полипропилен и полиэтилен, выработанные на полимерном заводе в Киянлы. Помимо этого, представ...
BÜTINDÜNÝA SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ŽENEWADAKY ŞTAB-KWARTIRASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞIŇ 144-NJI MEJLISINIŇ ÇARÇUWASYNDA MAGLUMAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çarçuwasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym Žužanna Ýakabyň ýolbaşçylygynda maglumat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ženewada akkreditirlenen Ilçiler we Hemişelik wekiller gatnaşdylar. Gatnaşyjylar guramanyň ag...
Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary
Türkmen halkynyň baý däplerini özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda onuň ajaýyplygyny we täsinligini saklap gelýän milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň bezegine öwrüldi.
Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna wekilçilik edýän elde dokal...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILD
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bell...