Tapylan netije sany: 5110
ALBUKERKEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabadyň doganlyk şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Albukerke şäher häkimi Timoti Keller we häkimliginiň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar bilim, işewürlik, medeniýet, taryh we beýleki ugurlarda şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti täze maglumat tehnologiýalary we daşky gurşaw taýdan arassa b...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy.
Ankara şäheriniň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dow...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANKARADA TÜRKMEN-TÜRK IŞEWÜRLIK FORUMYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy.
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostluk...
IŇ ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRILEN TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ NETIJELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN RESMINAMALAR BUKJASYNA GOL ÇEKILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerinden soň aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy:
- Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda a...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ DURNUKLY ENERGETIKA BÖLÜMINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG ÝYK-iň arasynda ýaşyl energiýa ulgamynda, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça, gün hem-de ýel energiýasy ulgamynda BMG ÝYK ekspertleriniň goldawynyň geljekki...
ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirýoýuki Ýamamoto bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy döwletara we parlamentara gepleşikleriň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň g...
TÜRKMENISTAN ŞHG-NIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ BIŞKEKDE GEÇIRILEN MEJLISLERINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlise Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Hindistanyň we Päkistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdy...
EÝRANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Khales bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we onuň giňeltmek bilen bagly birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýr...
TÜRKMENISTAN WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEGI MAKSAT EDINÝÄRLER
2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda R. Meredow häzirki wagtda Türkmenista...