Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny...
Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugruny tassyklaýar
2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda R.Meredow hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy bo...
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.
Hökümetara komitetiň ýolbaşç...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-NYŇ Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza we Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li...
EÝRANYŇ MAŞAT ŞÄHERINDE “STAR EXPO 2023” ATLY SERGI GEÇIRILDI
28-nji noýabrynda Maşat şäheriniň “Ýyldyz” söwda merkeziniň binasynda “Star expo 2023” ady bilen iýmit we syýahatçylyk ugruna bagyşlanan dördünji sergi öz işine başlady.
Bu sergä Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygy türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän sergi stendi bilen gatnaşdy. Onda halkymyzyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň subutnamalary bolan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Mundan başga-da, sergä gelenl...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň taryhy we medeni Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Medeniýet günleri geçirildi.
Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary, türkmen filmleriniň görkezilişi, şeýle hem türkmen medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy.
Şeýle hem bu döredijilik çäresine ýurdumyzyň tanymal artistleri, Türkmenistanyň Döwlet...
TÜRKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI
Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen medeniýetine we bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan sergi guraldy.
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/125905Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly iki ýurduň Altyn asyr-Inçeburun gümrük nokadyna we Inçeburun demir ýol menziline iş saparyny amala aşyrdy. Şeýle hem Baş konsul Gülüstan häkiminiň orunbasary Seýid Ali Mohajer bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyklarda Balkan welaýaty bilen Gülüstan welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýändigi, iki goňşy welaýatyň taryhy-medeni umumylyklarynyň bardygy aýratyn nygtaldy.
Bu duşuşyklarda soňky gysga wagtyň dowamynda iki ýurduň gatnaş...
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Eýranyň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy
28-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine iş sapary amala aşyryldy.
Saparyň çäklerinde A.Gapurow Gürgen uniwersitetiniň rektory Şaban Şataýi bilen duşuşyk geçirdi we iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda okuw maslahatlaryny geçirmek, bilelikde makalalary çap etmek, mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny uniwersitetleriň binýadynda gurnamak, ha...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşýar
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine (Dubaý ş.) ugrady.
Ählumumy howa forumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy göz öňünde tutulýar we onda maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary beýan ediler.
Döwlet Baştut...