Tapylan netije sany: 5110
Türkiýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we onuň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 25-26-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynd...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereketde, pida bolanlaryň maşgalalaryna we dostlaryna duýgudaşlyk hem-de goldaw sözlerini aýtdy we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi....
Working visit of the Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan to the UAE
On January 4, 2024, the working visit of the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov to the United Arab Emirates began.
At the Abu Dhabi International Airport, the National Leader of the Turkmen people was met by the UAE Minister of Energy Suhail Al Mazroui and other officials.
As part of the working visit of the Chairman, Halk Maslahaty held a meeting with the representative of the UAE President for Affairs with...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalary BMG-niň web sahypasynda çap edildi
2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki kararnamany kabul etdi - "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" we "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny".
Ulag baradaky kararnama 47 döwlet we energetika birikmesi baradaky kararnama 38 ýurt awtordaş bolup çykyş etdiler.
Ulag pudagyndaky hyzm...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň netijeleri
2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy.
Mälim bolşy ýaly, 4-nji ýanwarda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan ed...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor – mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow, Türkm...
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahat...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýo...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň öndü...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gazagystanyň Ilçisi Askar Täjibaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar ýokary derejeli saparlarda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler we 2024-nji ýyl üçin türkmen-gazak ga...