Tapylan netije sany: 5110
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan COP28-de öňe sürlen milli garaýyşlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.
Resminamanyň doly tekstini aşakdaky salgyda tanyşyp...
TÜRKMENISTANYŇ EÝRANDAKY BAŞ KONSULY EÝRANYŇ DIM-Ň WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsulynyň Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ahmad Masumifar bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň hökümet ýolbaşçylarynyň arasynda ýokary derejelerde geçirilen syýasy ykdysady we medeni ugurlardaky ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça masalahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtym...
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýa öz ynanç hatlaryny gowşurdy.
Dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk guraldy we onuň dowamynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygyna degişli bolan aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli ha...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habar
Halkara derejesinde hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan daşary syýasatyny halkara hukugyna laýyklykda alyp barýar.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan, esasy ýörelgelerinden biri bolan döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmak bilen, Türkmenistan “bir Hytaý” ýörelgesini berk goldaýar we bütin Hytaýa wekilçilik edýän Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň ýeke-täk kanuny hökümet bolup durýandygyny ýene bir gezek...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny...
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda M.Bäşimowa K.Imnadzeni jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi saklamak meselesindäki merkeziň tut...
Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nairyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meselelere seredip geçdiler.
Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer pudagynda özara gatnaşyklara üns berildi. Hususan-da, ylym, mede...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi....
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.
M.Şinas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi.
Prezident Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň öňde duran gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugu...
Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri boýunça dialog dowam etdi
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak, nobatdaky “Ýe...