Tapylan netije sany: 5110
Ahal welaýatynyñ häkiminiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniñ Eýranyñ Demirgazyk Horasan welaýatyna sapary
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyñ häkimi R.Hojagulyýewiñ ýolbaşçylygyndaky wekikiýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ häkimi M.Hosseinejadyñ arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtalyp geçildi.
Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer...
Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi boýunça metbugat beýannamasy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Onuň gün-tertibine «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýet...
Türkmenistanyň DIM-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Şu gün, 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda, şu ýylyň martynda meýilleşdirilýän ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Türkmenistana saparynyň guramaçylyk işleri, şeýle hem bu saparyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...
Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...
Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikde...
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykdy
Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyran daşary ýurt saparlary we gepleşikleri, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna...
https://mashhad.tmembassy.gov.tm/tk/news/129241Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysad...
Pakistanyň Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Şu gün, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň, Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ministriň orunbasary türkmen-pakistan dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi we bu wezipede işlän döwründe ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyn...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-russiýa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşininiň gatnaşmaklarynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Şu nukdaýnazardan, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly we ynamly gatnaşyklaryň netijeli d...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy.
Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyç...